Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde lider bolmagynda galýar
Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz satýan döwletleriň arasynda Türkmenistan 2022-nji ýylyň 6 aýynyň jemi boýunça birinji ýeri eýelemegini dowam edýär. Bu barada HHR-niň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS agentligi habar berýär.
Alty aýyň dowamynda HHR Türkmenistandan 4,51 mlrd dollarlyk tebigy gaz aldy (ösüş 1,5 esse). Ikinji ýerde Russiýa durýar, onuň yzyndan Mýanma (12%, 616 mln dollara çenli peselen), Gazagystan (8,8%, 531 mln dollara çenli azalan) we Özbegistan (takmynan 2,2 esse, 404 mln dollara çenli artan) gelýär.
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.