Habarlar

Türkmenistan we Gruziýa hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, şol sanda energetika ulgamynda işjeňleşdirmegi maksat edinýär

https://ussatnews.com/storage/posts/3981/original-162dba264aca6a.jpeg

20-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýat goýdy.

Söhbetdeşler ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyny aýdyp, import-eksport harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň ähmiýetli ornuna üns çekildi. Bu toparyň işi hyzmatdaşlygyň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Şeýle-de Hazar we Gara deňzi sebitleriniň arasynda Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň döwletlerine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgesini döretmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şol gün Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine deglip geçildi.

Wekiliýetleriň agzalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde energetika pudagyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda diňe bir iki döwletiň bähbidine däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada energetika howpsuzlygynyň kemala gelmegine-de kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine üns çekildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.