Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, bagtyýarlyk, doganlyk özbek halkynyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmak baradaky arzuwlaryny iberdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz bu gün okgunly öňe barýan Özbegistanyň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözülmeginde möhüm orny eýeleýändigini hem-de köp sanly ýurtlar bilen açyk we oňyn gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn, ygtybarly goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasy bilen biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtady. “Biziň ýaňy-ýakynda bolan duşuşyklarymyz we gepleşiklerimiz hem-de Siziň ajaýyp ýurduňyza amala aşyran ilkinji saparymyň dowamynda gol çekilen köp sanly resminamalar muny aýdyň tassyklaýar” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirýändigini aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, alyp barýan işlerinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.