Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hem-de däp bolan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmu berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.