Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 2200 dollardan gymmatlady
«Demirgazyk akymynda» gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine 2200 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
ICE Futures biržasynda TTF-niň iň ýakyndaky fýuçersiniň (awgust) bahasy sişenbe güni agşam 2244 dollara çenli göterildi.
Bir gün öň söwdalaşyklar 1852 dollar derejede ýapyldy, aýyň başyndan bäri bolsa kotirowkalar ortaça 1720 dolar bolupdy.
Işläp taýýarlamalaryň aralyk abatlaýyş möhleti tamamlanandan tä düýpli abatlaýşa çenli konsern "Portowaýa" gaz gysyjy bekedinde ýene bir Siemens gaz turbina hereketlendirijisiniň işini togtadar diýip, 25-nji iýulda "Gazprom" habar berdi.
Netijede "Portowaýa" gaz gysyjy bekediniň gije-gündizdäki öndürijiligi 27-nji iýulda moskwa wagty bilen 07:00-da, häzir gije-gündiziň dowamyndaky 67 mln kub. metr bilen deňeşdirilende, gije-gündiziň dowamynda 33 mln kub metre (önümçiligiň 40%-i) çenli azalar.
Rystad Energy barlag kompaniýasynyň seljerijileriniň bellemegine görä, "Demirgazyk akymy" boýunça gaz şu derejede goýberilse, Ýewropa bileleşigine 1-nji noýabra çenli gazyň ýerasty saklanýan ýerinde gazyň 80% maksatly ätiýaçlyk derejesini gazanmak başartmaz. Mundan hem başga, golaýlap gelýän tupanlar möwsümi ABŞ-dan Ýewropa suwuklandyrylan gazy eltmegi kynlaşdyrar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.