Türkmenistan Owganystanyň dikeldilmegine gyzyklanma bildirýär - DIM
Türkmenistan Owganystanyň täzeden dikeldilmegine, dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagyna we infrastrukturasynyň ösüşine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahatda eden çykyşynda belledi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
W.Hajiýewiň bellemegine görä, hut şu görkezijiler ýurduň özi we umuman sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde oňyn täsir eder.
Şeýle hem, bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Owganystandaky parahatçylygy dikeltmek tapgyrynyň üç esasy ugra: syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwer ugurlaryna esaslanýandygyny mälim etdi.
Syýasy giňişlikde, Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan döwletleri we halkara guramalary täze owgan hökümeti bilen gepleşikleri ösdürmäge çagyrýandygyny aýtdy. W.Hajiýew, şeýle hem, başlanan halkara ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirip, owgan kompaniýalary bilen hyzmaydaşlygy ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Mundan başga-da ynsanperwer çökgünligiň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömeginiň iberilmeginiň zerurlygy bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar şu gün Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmegiň we berkitmegiň bu ýurtda parahatçylygy gazanmak üçin möhüm görkezijiler bolmalydygyna düşünýändiklerini mälim etdiler parahatçylykly, bölünmez, garaşsyz, ykdysady taýdan ösýän, terrorçylykdan we neşe serişdelerinden azat döwlet hökmünde bolmagyna ygrarlydyklaryny tasstykladylar.
Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdylar.
Forumda Owganystanyň çaknyşykdan soň dikeldilmegine we dünýä jemgyýetçiligine goşulyşmagyna ýardam etmek boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmeginiň we bilelikdäki işleriň dowam etdirilemgine taýýardygy nygtaldy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.