Habarlar

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy türkmen, rus, iňlis dillerinde çapdan çykdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4021/original-162e4d7cfe4e03.jpeg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylan «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy türkmen, rus, iňlis dillerinde çapdan çykdy.

Neşirde türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän 2020-nji ýylyň has möhüm materiallarydyr makalalary ýygnalyp, olarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz beýanyny tapdy.

Kitapdaky işlerde, şol sanda statistiki maglumatlarda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda gazanylan hem-de Watanymyzy täze sepgitlere tarap alyp barýan köpugurly üstünlikler şöhlelendirilýär.

Neşiriň sahypalarynda Watanymyzyň durmuşynda bolup geçen milli we halkara ähmiýetli esasy wakalar öz beýanyny tapýar.

Ähli materiallarda ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ynsanperwer ulgamda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasy ugry eriş-argaç bolup geçýär.

Umuman, neşire girizilen materiallar geljege tarap okgunly öňe barýan, şol bir wagtyň özünde müňýyllyklaryň jümmüşinden uzap gaýdýan ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan ýurdumyzyň içeri we daşarky syýasatyndaky wezipeleriň yzygiderli, üstünlikli çözülýändigini görkezýär.

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitapda ýerleşdirilen materiallar nazary we tejribe taýdan gymmatly bolup, olar taryhçylar, syýasatşynaslar, jemgyýeti öwrenijiler üçin Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň ähmiýetiniň mazmunyny we manysyny beýan edýän möhüm ylmy-resmi hem-de maglumat çeşmelerine öwrüler.

Nobatdaky neşir ylmy-düşündiriş häsiýetli maglumatlar bilen üpjün edilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny suratlandyrýan fotohronika bilen tamamlanýar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.