Habarlar

Ýurdumyzda azyk bolçulygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir

https://ussatnews.com/storage/posts/4023/original-162e5154243de9.jpeg

Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu pudakda işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli tarp ýerler özleşdirilýär. Oba hojalyk önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary we Balkan welaýatlarynda bolsa gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki dänelik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Miweçilik, üzümçilik bilen meşgullanýan hojalyklaryň sany artýar.

Şeýle-de ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk ösdürilýär. Bal arylarynyň idedilişi artdyrylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere hususy pudagyň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny, bu pudaklarda iri maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilýändigini bellemek gerek. Ýyladyşhana hojalyklary geljegi uly ugur hökmünde kesgitlenildi. Olaryň eýeleýän meýdanlary barha giňeldilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, ýyladyşhanalary özünde jemleýän obasenagat toplumlary döredilýär. Olaryň işine öňdebaryjy tejribeler, häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Et, süýt we çörek önümlerini, azyk harytlaryny öndürýän kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär.

Watanymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen içerki bazarlarda haryt bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.