Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
Gurban baýramynyň nurana günlerinde ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan türkmen zyýaratçylarynyň 275-si Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý edip Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ähli musulmanlaryň nurana baýramynyň öň ýanynda “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda olar Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar we dünýäniň ähli künjeklerinden mukaddes Käbä sežde etmäge gelen zyýaratçylaryň köp sanlysynyň hataryna goşuldylar.
Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler. Olar Mekgede Zemzem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddes ýerlerde haj parzlaryny berjaý edip, togap dessuryna eýerdiler we mukaddes Käbäniň daşyndan aýlandylar.
Türkmen zyýaratçylary haj wagtynda sežde edip, Beýik Biribardan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan asylly işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler.
Mähriban ýurdumyza sag-aman gaýdyp gelen ildeşlerimiz haj parzyny berjaý edenlerinde, Beýik Biribardan döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat, Watanymyzyň bagtyýarlygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan ähli işlerinde üstünlikleri diländiklerini aýdyp, hormatly Prezidentimize özlerine beren goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Şeýle-de zyýaratçylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna kabul edilen Ýüzlenmede Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly hajy Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda bagtyýar halkymyzyň ahlak tämizligini ykrar edýän, jemgyýetiň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmaga, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, ýaş nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam berýän milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmäge döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Goý, ildeşlerimiziň mukaddes Käbä haj zyýaratyna gidip, ol ýerde eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.