Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady
Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady, onuň ilkinji tapgyry BAE-den we Owganystandan gelen işewürlere satyldy.
A-98 awtobenzininiň ilkinji tapgyrlarynyň dünýä bazarlaryna çykarylyşy barada geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wize-premýer Ş.Abdrahmanow habar berdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen geleşikler barada hasabat berildi, şonuň esasynda nebit önümleri BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy.
Wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit önümleriniň täze görnüşleriniň ýerlenilişi barada hasabat berdi. Zawodlar toplumynda çig nebitiň gaýtadan işlenilýändigi, ýokary hilli önümleriň çykarylýandygy hem-de dünýä bazarlarynda EURO-5, EURO-6 ýaly ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýän A-98 kysymly awtoulag benzininiň ilkinji möçberleriniň ýerlenilişi barada maglumat berildi.
Serdar Berdimuhamedow ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň uly islegden peýdalanýandygyny nygtap, wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, baý tejribä hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.