Habarlar

Türkmenistanyň känlerinde milli maýa goýumlary özleşdirmek işleri depginli dowam edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4044/original-162e94e0e99725.jpeg

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de ýakyn ýyllarda milli maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanynyň “Türkmennebit” hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernlerine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna geljek iki ýylda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmagy maliýeleşdirmek üçin maliýe goldawyny bermek hakynda Kararyna laýyklykda durmuşa geçirilýän çäreler barada hem hasabat berdi.

Nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, birnäçe nebitgaz känlerinde ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak, zerur bolan gaz geçirijileri çekmek, şol sanda “Bagaja” gazy gaýtadan işleýän desgany doly kuwwatynda ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, zerur bolan ýörite enjamlary hem-de serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berildi. Onuň jemleri boýunça has amatly täjirçilik teklibi kesgitlenildi hem-de degişli şertnama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Prezident hasabaty diňläp, diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.