Hormatly Prezidentimiz deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
1-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply hem-de 240 maşgala niýetlenen täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi.
Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi ildeşlerimize «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge mümkinçilik berer. Halk köpçüligine hödürlenilýän iň ýokary dünýä ölçeglerindäki saglyk-dynç alyş hyzmatlarynyň elýeterliligi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygy hem-de halkymyzyň rowaçlygy bu strategiýanyň baş maksadydyr.
Bu taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan “Sabyrly maşgala” hususy kärhanasy hem-de “Güneşli deňiz”, “Kent gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyryldy.
Gurluşygy üçin 10 gektar ýer bölünip berlen toplumyň abadanlaşdyrylan çäginde ähli amatlyklary bolan 48 sany 2 gatly kottejler, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, ýüzmek üçin açyk howuz ýerleşýär. Hyzmat ediş merkezinde restoran ýerleşdirilip, bu ýerde dynç alýanlara ýokary hilli hyzmatlar üpjün ediler. Mahlasy, toplumda halkara ölçeglere laýyk derejede dynç almak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan.
Öýleriň her birinde mebeller bilen üpjün edilen ýatylýan hem-de myhman otaglary, degişli enjamlar ornaşdyrylan aşhana bar. Dynç alýanlar isleglerine görä, bu aşhanada nahar taýýarlap bilerler. Otaglaryň içki bezegi milli äheňde ýerine ýetirilipdir.
Bu ýerde dynç alýanlar üçin adam bedeniniň berkidilmegine gönükdirilen fiziobejergileriň toplumyny hödürleýän SPA merkezi, döwrebap ugurdaş enjamlar bilen üpjün edilen karaoke-bar göz öňünde tutulan. Bir söz bilen aýdylanda, “Rowaç” öz myhmanlary üçin iň ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýär.
Kottejler toplumy bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna täze toplum üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Deňziň arassa howasy, altynsow çägeli kenar hem-de ýyly suw uly adamlara we çagalara dynç almak üçin amatly şertleri döredýär.
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.