Habarlar

OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler

https://ussatnews.com/storage/posts/4064/original-162ec0bdcbbc81.jpeg

OPEC+ ministrleri sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler diýip, çarşenbe güni Interfaks wekiliýetleriň birindäki çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Ministrler duşuşygy wideomaslahat görnüşinde geçirildi.

OPEC+ Ministrler monitoring komiteti sentýabr aýynda nebiti çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy maslahat berdi. Şol bir wagtda mejlis başlanmazdan öň, esasy garaýyş çägi awgust aýynyň derejesinde saklap galmakda jemlenýärdi.

Şeýlelikde, çägiň şular ýaly artdyrylan ýagdaýynda Saud Arabystany önümçiligi her gün 25 müň barrel, BAE – 8 müň barrel artdyryp biler. Bu OPEC ýurtlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçiligi bolan az sanly ýurtlardyr.

Iýun aýyndaky ýagdaýa grä, OPEC+ ýurtlary nebiti çykarmak boýunça bellenilen meýilnamadan günde 2,8 mln barrel töweregi yza galýarlar.

OPEC+ mejlisiniň kararyndan soň, Brent söwda belgili nebitiň bahasy 102 dollarlygyndan 96 dollara çenli aşak düşdi. Şol bir wagtda analitikleriň garaşmagyna görä, guramanyň ýakyn geljek üçin meýilleri bahalaryň üýtgemegine güýçli täsir etmez, çünki gazanylan ylalaşyga garamazdan, nebit guramasy nebit çykarylyşyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipä tehniki taýdan ýerine ýetirip bilmezligi ahmal.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.