Habarlar

Aşgabatda, welaýat merkezlerinde we obalarda 3-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4069/original-162ed59438bf05.jpeg

Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we obalarda 3-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Olary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi gurady.

Haryt öndüriji kärhanalar okuw möwsümine mekdep lybaslaryny, möwsümleýin we sport aýakgaplaryny taýýarladylar. Türkmenabadyň, Berekediň tikin fabrikleri, Daşoguzyň «Çeper» fabrigi bu işe saldamly goşant goşdular. Aşgabadyň «Bahar» tikinçilik kiärhanasynda okuwçy gyzlar üçin öňlük, köýneklerdir penjekler we zähmet sapagy üçin öňlükler tikildi. «Ahal» fabrigi bolsa oglanlar üçin mekdep lybaslaryny taýýarlady. Marynyň «Ýeňiş» fabriginde oglanlar üçin ak köýnekleri tikmek ýola goýuldy.

Mekdep bazarlarynda kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin ýerli kärhanalaryň öndüren arassa gönden ýokary hilli aýakgapalry hödürlenýär. Okuw möwsümi üçin Marynyň «Röwşen» kärhanasy 30-njy ölçegden 39-njy ölçege çenli aýakgaplaryň 30 müň jübütden gowragyny taýýarlady. Olar 40 göterim arzanladyş çenli arzan bahadan satylýar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.