Habarlar

Esenguly etrabynda 1 million dollarlyk “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4072/original-162efbf510928d.jpeg

5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, her ýyl geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi bolandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.

Hut şol pul serişdeleri çagalar üçin täze dynç alyş merkeziniň desgalarynyň gurluşygyna hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirildi.

Ine, şu gün hem sebitde şatlykly waka — “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy bolup geçýär. Bu ýerde çagalaryň ýüzlerçesi göwnejaý dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirip biler. Munuň özi ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna nobatdaky ajaýyp sowgatdyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesil baradaky çäksiz aladasynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Meýdany 1,5 gektara barabar bolan bu merkez Esenguly etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirligi tarapyndan çagalaryň dynç alşyny guramaga hem-de gurluşyk ülňülerine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bina edildi. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan we işjeň geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Bu dynç alyş merkezinde dürli medeni çäreleriň — gyzykly aýdym-saz bäsleşikleriniň, köpöwüşginli festiwallaryň, sport ýaryşlarynyň guralmagy asylly däbe öwrüler.

Maşgala bolup dynç almak babatda döredilen ajaýyp mümkinçilikler bu dynç alyş merkeziniň aýratynlyklarynyň biridir. Uly ýaşly adamlar hem, ýaşlykdan işjeň dynç almak we sport bilen meşgullanmak ýaly endikler öwredilýän çagalar hem bu ýerde boş wagtyny gyzykly, işjeň, göwnejaý geçirip bilerler.

Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda oýun hiňňildikleri, awtodrom, syn ediş çarhy, oýun zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär. Bu ýere gelýänler üçin ýaşyl baglaryň we gülleriň arasynda amatly oturgyçlar hem ornaşdyrylypdyr.

Mundan başga-da, täze merkezde edara binasy guruldy. Onda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Dynç alyş merkezi doly abadanlaşdyryldy, agşam çagynda onuň çägindäki täsin, owadan çyralar nurana şöhle saçýar. Şeýle-de awtoduralga, dürli tehniki otaglar, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutuldy.

Bagtyýar çagalaryň çäksiz şatlygy hem-de alyslardan eşidilýän şadyýan gülküleri döwlet Baştutanymyzyň biziň umyt-arzuwlarymyz hem-de bagtyýar geljegimiz bolan ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine, sagdynlygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy Esenguly etrabynyň ähli ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Çäräniň baş gahrymanlary bolan çagalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu ajaýyp we täsin sowgat, özleriniň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.