Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Garabogaz kölüň üstünden geçjek täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4079/original-162f2434194539.jpeg

Şu gün, 8-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz kölüň üstünden geçjek täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ol Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem ähmiýetli waka boldy.

Garabogaz kölüň üstünden täze awtomobil köprüsiniň gurulmagy Türkmenistan-Gazagystan halkara demir ýolunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler. Oňa alyp barýan, Aşgabat-Türkmenbaşy tizlikli awtomobil ýoly bilen birleşjek ýoluň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, logistika hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümi hem-de Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, Garabogaz kölüň giňligi 200 metr bolup, ol adybir aýlagy Hazar deňzi bilen birleşdirýär. Türkmenistanyň dünýä belli tebigy gözellikleriniň biriniň, şeýle hem Ýer ýüzünde iň uly duzly suw howdanynyň taryhy barada durup geçeliň.

Onuň akwatoriýasynyň meýdany 18 müň inedördül kilometre golaýdyr. Hazar deňziniň has duzly ýeriniň Garabogazköl aýlagy bolup, onuň şorlulygynyň deňiz suwunyňka garanyňda düýbünden üýtgeşikdigini hemmeler bilýän hem däldir. Düzüminde glauber duzunyň (mirabilit) agdyklyk etmegi aýlagyň tapawutly tarapy bolup, netijede ol hat-da Selsiýa boýunça 10 dradus sowuk temperaturada hem doňmaýar.

Aýlagy deňizden demirgazyk we günorta çägelikler bölýär. Bu ýerde ozal ýeke-täk derýa bolup, ol çölüň içi bilen deňze suw getiripdir. 1715-nji ýylda ilkinji bolup, aýlaga ýelkenli gämilerde girmäge töwekgelçilik eden knýaz Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý bolýar, ol Petr Birinjiniň görkezmesi boýunça deňziň we aýlagyň şu böleginiň ilkinji geografik kartasyny düzýär.

Bu ýerlere nobatdaky sapar 1726-njy ýylda rus gidrografy we kartografy F.I. Soýmanowyň ýobaşçylygynda amala aşyrylýar. Emma deňizçileriň Garabogazda wepat bolmak gorkusy olara aýlaga girmäge mümkinçilik bermeýär. Gämileri sorýan girdap baradaky bolgusyz gürrüňler olara pikirini durmuşa geçirmäge böwet bolýar. Garabogazyň “gara bokurdak” ýaly manysynyň bolmagy tötänden däldir.

Ahyrsoňy, 1836-njy ýylda G.S. Kareliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa gämilerde aýlaga girmek başardýar. «Garabogaz aýlagyny aýratyn deňiz diýip atlandyrsa boljak – diýip, G.S. Karelin ýazýar.

1847-nji ýylda bu ýere ekspedisiýa guralyp, oňa I.M. Žerebsow ýolbaşçylyk edýär. Ol hem G.S. Karelin ýaly aýlagyň görnüşine haýran galýar. Onuň sözlerine görä, aýlagyň “gyryş howply suwy bolup, ol gysga wagtyň içinde hat-da polatdan ýasalan zatlary hem iýip bilýär”. «Ömri kesýän duz, çägelik ýaly zatlar aýlagyň kenarynda we suwunda agalyk edýär. Aýlagyň ýiti-duzly suwy bu ýere gelýän balyklary öldürip, kenara zyňýar. Sergezdançylyk eden ýyllarymda men şeýle tutuk hem-de deňizde ýüzüjilere howp salýan kenarlary görmändim…».

Tiz wagtdan Garabogaz kölüniň häsiýetleri boýunça dürli mineral duzlarynyň hazynasy bolup durýandygy mälim bolýar, aýlagyň bolsa başga ady – “Altyn düýp” diýen ady peýda bolýar. Aýlagyň mineral baýlyklary barada gürrüň dünýä ýaýraýar. Ol gidromineral çig malynyň özboluşly hazynasyna öwrülip, onda Mendeleýewiň tablisasynyň ähli elementleri diýen ýaly saklanýar. ХХ asyryň başynda köp alymlar aýlagyň serişdelerini öwrenmek bilen meşgullanýarlar.

1924-nji ýylda Garabogaz kölde natriý sulfaty senagat taýdan işlenip başlanýar. 1929-njy ýylda ilkinji himiýa kärhanasy – “Garabogazhim” tresti döredilip, 1940-njy ýylda ol “Garabogazsulfat” kombinatyna öwrülýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda bu ýerde gips öndürmek hem-de ony hassahanalara ugratmak işi ýola goýulýar.

Şol ýyllarda natriý sulfatyndan başga-da, epsomitiň (magniý sulfaty) hem-de bişofitiň (hlorly magniý), lukmançylyk glauber duzunyň, deňiz duzunyň, nahar duzunyň we senagatyň dürli pudaklarynda ulanylýan beýleki minerallaryň senagat taýdan önümçiligi ýola düşýär.

Aýlagyň serişdeleriniň binýadynda himiýa önümleriniň 10-dan gowrak görnüşleriniň önümçiligi ýola goýulýar. Alymlaryň pikirine görä, Garabogaz aýlagynyň mineral çig malynyň toplumlaýyn çekilmegi himiýa senagatynyň ösüşini çaltlandyrar hem-de gidrometallurgiýany döretmek üçin binýat döreder. Bu bolsa, önümçilik düzümleriniň we taýýar önümleriň birnäçesiniň importyny azaltmaga, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

1980-nji ýylda, hünärmenleriň gapma-garşy pikirlerine garamazdan, aýlagy bent bilen ýapýarlar, ol ýalpaklap ugraýar hem-de birnäçe ýyldan gury duzly köle öwrülýär, duzly tupanlar öwsüp başlaýar. Aýlag gurap ugraýar. Mundan ýeke çykalga bardy – bendi sökmeli. Bu iş 1992-nji ýylda ýerine ýetirilýär, deňiz suwy aýlaga guýup ugraýar.

Alymlaryň we tejribeli adamlaryň pikirine görä, aýlagyň baýlyklarynyň häzir hem diňe bir bölegi ulanylýar, onuň serişdeleriniň mümkinçilikleri bolsa egsilmezdir. Garabogaz aýlagynyň himiki elementleriň, mineral duzlaryň, sulfat natriýiniň we magniniň, hlorid magnisiniň, litiniň we onuň birleşmeleriniň, magniý oksidiniň we magniý metalynyň uly gorlaryna eýe bolup durýanlygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan tassyklanyldy.

Gidromineral çig malyň serişdeleriniň binýadynda özara bagly we geljegi uly bolan senagat önümçilikleriniň ýene-de ençemesini gurmak mümkinçiligi bar. Aýlagyň çig malynyň – natriý sulfatynyň, bişofitiň, epsomitiň, duzly suwdan alynan magniniň we magniý okisiniň dünýä önümçiliginiň dürli pudaklarynyň 25-den gowragynda, kosmos tehnikasyndan, awia we maşyngurluşygyndan başlap, ösümlikçilige we sabyn gaýnatma önümçiligine çenli dürli pudaklarda giňden ulanylýandygy hasaplanyldy.

Aýlagyň egsilmez baýlyklarynyň senagat önümçiligine toplumlaýyn çekilmegi Türkmenistan üçin strategik ähmiýete, ozaly bilen himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmekde hem-de ykdysadyýetiň reňkli metallurgiýa, gidrometallurgiýa, maşyngurluşyk ýaly täze pudaklaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mundan başga-da, täze önümçilikler import harytlarynyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly, ýokary hilli, goşulan bahaly önümleriň çykarylmagyny ugur ediner.

Ýurdumyzyň “himiýa hazynasynyň” önümlerini daşamak hem-de eksport etmek üçin ýerüsti ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. “Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan” awtomobil ýolunyň ugrunda ikitaraplaýyn gatnawly täze köprini hem-de oňa eltiji ýollary gurmak bu uşiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Başga habarlar
16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.


16a771ee24abdb.jpeg
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.

16a7701746d5eb.jpeg
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy

29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.


16a76149dadc59.jpeg
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.