Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda 26-28-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty we sergi geçiriler.
Forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler diýip, guramaçylaryň saýtynda bellenilýär.
Bu abraýly işewürler forumy Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen her ýylda geçirilýär. Maslahatlarda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň iň soňky dünýä we sebit ýörelgeleri, sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlaryny çekmek we gazhimiýa taslamalarynyň geljegi ýaly temalar maslahatlaşylýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebit kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda panelleýin duşuşyklar we prezentasiýalar geçiriler.
Halkara saparlaryna çäklendirmeler zerarly çäre däp bolan görnüşde, şeýle hem onlaýn formatda geçiriler. Bu hili çemeleşme maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk üçin hem ulanylar.
Maslahat barada has jikme-jik maglumatlar guramaçylaryň web-saýtynda ýerleşdirildi (www.ogt-turkmenistan.com).
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.