Habarlar

Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/4099/original-162f746496f8d1.jpeg

15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geciriler.

BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça çagyrylýan foruma 39 ýurda hem-de 34 halkara gurama wekilçilik edýän wekiller gatnaşar.

Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy parom terminalynda BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen logistika» assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler ulag ulgamynda ýerine ýetirilen işleri we ýetilen sepgitleri, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalary bilen tanyşdyrarlar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.