Habarlar

Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara güni bellenildi

https://ussatnews.com/storage/posts/4101/original-162f7b29fa6dd6.jpeg

12-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazaryň güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Ol Türkmenistanda ekologiýa howpsuzlygyny hem-de deňiz gurşawyny goramak babatda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen geçirilýär.

2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) güyje girdi. BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň ýardam etmeginde işlenip taýýarlanylan hem-de 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň: Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň hem-de Gazagystanyň hökümet wekilleriniň gol çeken Konwensiýasyny tassyklamak üçin üç ýyla golaý wagt gerek boldy.

Geçen ýyllaryň içinde bu baýramçylyk “Hazar bäşligi” ýurtlarynyň wekilleriniň açyk dialogy üçin resmi däl görnüşdäki meýdança öwrüldi.

Alym-ekologlar, döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de telekeçiler bu özboluşly tebigy suw howdany bilen bagly bolan möhüm meseleleri çözmegiň amatly ugurlaryny bilelikde tapmak üçin duşuşýarlar.

Baýramçylygyň maksatnamasy baý mazmunly bolup, Hazar bilen bagly ähli ugurlary şöhlelendirýän çäreleri öz içine alýar.

“Hazar deňzi – dostluk we ylalaşyk deňzi” atly halkara ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy wakasyna öwrüldi. Forum Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň maglumat howpsuzlygy we seljermesi müdirliginiň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, kenarýaka döwletleriň Hazar deňzini öwrenmek we goramak bilen meşgullanýan alymlarynyň, ugurdaş hünärmenleriniň hem-de halkara guramalaryň, diplomatik bileleşigiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Hazaryň ekoulgamyny aýawly saklamak we goramak, sebitiň ekologiýa, ulag-logistika we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen bagly meseleler maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Forumyň dowamynda Hazarda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara gatnaşyklaryň bäştaraplaýyn usullarynyň netijeliligi hem-de dialogyň täze görnüşleriniň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini goramak, artdyrmak hem-de peýdalanmak, söwda gämiçiligi, syýahatçylygy ösdürmek, şeýle hem Hazaryň astynyň we düýbüniň uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamak we peýdalanmak boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem iýun aýynda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitinde öňe sürlen başlangyçlary amala aşyrmak boýunça pikir alşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hazar meseleleri bilen bagly bolan ekologiýa wezipeleri çözmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara derejesinde yzygiderli öňe sürýär. Hususan-da, hut biziň ýurdumyz deňiz sebitiniň daşky gurşawyny goramak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seretmek üçin hemişelik hereket edýän edara hökmünde Hazar ekologiýa forumyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany özbaşdak, döwlete dahylsyz, ýakyn hyzmatdaşlyk birleşmesi üçin binýat hökmünde Hazarýaka ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek barada başlangyjy öňe sürdi.

“Türkmenistan umumhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meselelere gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Altynjy Hazar Sammitinde eden çykyşynda belledi. Milli Liderimiz Hazary “mümkinçilikler deňzi” diýip atlandyrdy.

Çäk taýdan amatly ýerleşmegi, baý uglewodorod, balyk we beýleki tebigy serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitiniň bu gün sazlaşykly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwrülmegine ýardam etdi.

Baýramçylygyň maksatnamasy medeni-sport çäreleri, şol sanda sportyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary öz içine aldy, olara Awazada dynç alýan sebitiň çagalary we okuwçylary gatnaşdylar. Şeýle hem bu ýerde ýaş türkmenistanlylary – Hazaryň tebigy gözelligine bagyşlanan amaly-haşam sungaty boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylagladylar. Baýramçylyk konsert bilen jemlenip, onda Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynyň we çagalar sungat mekdepleriniň artistleri çykyş etdiler.

Başga habarlar
169c762cd54c7f.jpeg
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy

Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.


169c554155d778.jpeg
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.


169c2d665f3a81.jpeg
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

169c161b92c194.jpeg
Uzynadadaky täze önümli guýy

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.


169c15959053ff.jpeg
Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.