Habarlar

Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty öz işine başlady

https://ussatnews.com/storage/posts/4107/original-162fa054e89c2d.jpeg

15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Ministrler maslahatynyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan ösüşini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem COVID-19-dan soňky dikeldiş üçin ulagyň esasy orny howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garalar.

Forumyň wezipeleri koronawirus pandemiýasyndan soň, düzümi maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni we innowasion çemeleşmeleri – çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak, DÇBÖBD-niň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawyny giňeltmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak forumyň esasy wezipeleri boldy. Garaşylyşy ýaly, bu maslahatlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmaga gönükdiriler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatynda hödürleniler.

Mälim bolşy ýaly, bu forumy biziň ýurdumyzda geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen Kararnamada berkidildi.

Forumyň işiniň öňüsyrasynda Kongress merkeziniň eýwanynda elektron görnüşindäki sergi guraldy. Onda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazanan üstünlikleri görkezildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.