Türkmenistanda geçirilýän Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Antoniu Guterreş ýüzlendi
Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreş ýüzlendi.
Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary hanym Fatima Rabab okady.
BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatnaşyjylara, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyny ösdürmek babatda möhüm meseleleri üçin bir ýere jemlenendiklerine öz hoşallygyny bildirýär.
BMG-niň Baş Sekretary öz hatynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag aragatnaşygyny gowulandyrmakda käbir päsgelçilikleriň bardygyny esasan hem, howanyň durnuksyzlygy we serhetden geçilýän köp nokatlaryň bolmagy, serhetde gabat gelýän edara we gümrük-serhet tertiplerini belleýär. Şol sanda goşmaça kynçylyklary döredýän COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýükleriň serhetüsti daşalmasynyň bökdelmegi, ulag çykdajylarynyň artmagy hem-de harytlary serehtüsti ugratmakda ýüze çykýan päsgelçilikler barada aýdylýar.
Guterreşiň iberen ýüzlenmesinde ulag ulgamynyň ozalky ösüş ýoluna düşmegi, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler BMG-niň howandarlygyna doly bil baglap bilmekleri üçin bile hereket etmegiň möhümdigi nygtalýar.
Şeýle-de, geografiki meseleleriniň çözülmegi üçin innowasiýalary we tehnologiýalary doly derejede bilelikde ulanmagyň ähmiýeti, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aragatnaşygyň durnukly ösüşi babatda tagallalary birikdirmegiň möhümdigi bellenilýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.