Habarlar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

https://ussatnews.com/storage/posts/4123/original-162fdf7e55171c.jpeg

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.

«Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag we logistika ugurlaryny açmak hem-de Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň we Abu Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlar ulgamyna goşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar» diýlip DIM-niň habarynda bellenilýär.

Taraplar BAE-nyň gatnaşmagynda we birnäçe şertnamalaryň esasynda Türkmenistanda gaz-himiýa, maliýe we ulag pudaklarynda taslamalary öňe sürmek meselesine garadylar.

Mundan başga-da, dokma senagatynda, BAE-nyň we Afrikanyň bazarlaryna türkmen harytlaryny eksport etmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Suwy süýjetmek, çölleşmek we daşky gurşawy goramak meselelerine üns berildi.

Türkmenistan bilen BAE-nyň Masdar şäherinde ýerleşýän Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi - IRENA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky islegi beýan edildi. Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde halkara ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanylyp bilinjek alternatiw energetiki tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin mümkinçilikler döretmäge taýýardygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag we logistika ugurlaryny açmak hem-de Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň we Abu Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlar ulgamyna goşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler syýasy gatnaşyklaryň derejesine hem baha berdiler we BAE-nyň Prezidenti Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE-ne resmi saparynyň gurnaljakdygyny bellediler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.