Harby özgertmeleriň çäklerinde täze binalar toplumy açyldy

13:33 21.08.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/4137/original-1630490eaa73c0.jpeg

20-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze binalar toplumynda harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy we oňaýly dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredildi.

150 orunlyk naharhanada ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Naharhananyň we aşhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de arassaçylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Güneşli ülkämiziň dürli künjeklerinden harby gullugy geçmäge gelen serhetçi esgerler ýokary derejeli gulluk ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar hem-de şöhratly pederlerimiziň Watana gulluk etmegiň asylly däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy toplumyň çäginde Hojalyk müdiriýetiniň harby gullukçylarynyň ösdürip ýetişdiren gök, bakja, miwe, ir-iýmiş we azyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan sergini synladylar.

Bu ýerde harby gullukçylar tarapyndan bölünip berlen ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja ekin we miwe önümleriniň dürli görnüşleri: üzümiň “Alaman doýran”, “Rowaç”, “Sary kişmiş”, “Şa serpaý”, “Taýpy”, “Gyzyl üzüm” görnüşleri goýlupdyr. Şeýle hem almanyň, garalynyň, armydyň dürli görnüşleri, hyýaryň, pomidoryň, kelemiň ýazky we güýzki görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde ekerançylyk ylmynyň gazananlary netijeli ulanylyp, önümleriň täze görnüşleriniň taýýarlanylandygyny görkezýän şekiller bar. Şeýle-de et we et önümlerine, süýt önümlerine möhüm orun berlipdir. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda maldarçylygy, guşçulygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda bar bolan tebigy serişdeleri we mümkinçilikleri has doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi dürli düzümlerde we pudaklarda ýokary girdejili kömekçi hojalyklaryň döredilmegini şertlendirýär. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýeti munuň aýdyň mysalydyr.

Olarda öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerini zerur azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär hem-de olar ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Mundan başga-da, bu ýerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullary öwrenilýär, olaryň görnüşlerini artdyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň döredilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, harby gullukçylaryň Diýarymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna mynasyp goşant goşmagyna ýardam edýär. Degişli çäklerde ösdürilip ýetişdirilýän miweli we saýaly agaçlar amatly howa gurşawynyň emele gelmegine mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetine degişli ýer bölekleri bolup, olarda gök, bakja ekinleri, ir-iýmişli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Ajaýyp tebigatymyzyň gözel künjeklerinde, sahawatly türkmen topragynda, çeşme-çaýlaryň akabalarynyň ugurlarynda dürli görnüşli miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerleriň ekerançylyk we ir-iýmişli baglary ösdürmek üçin aýratyn ýaramlydygy ylmy taýdan esaslandyryldy. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman ylmy bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen Hojalyk müdiriýetine degişi ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ter miwe önümlerinden dürli mürepbeleriň, miweli içgileriň taýýarlanyp, olaryň harby gullukçylara berilýän tagamlaryň sanawyna girizilýändigini bellemek gerek. Bu işler ýaş esgerleriň ene topraga söýgüsini artdyrýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetine degişli ammarlar hem-de sowadyjylar bolup, olaryň netijeli peýdalanylmagy tutuş ýylyň dowamynda ter gök we miwe önümleri bilen üpjünçiligiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa toplumyň okuw otagyna bardylar. Bu ýerde müdiriýetiň ýolbaşçysy interaktiw tagtanyň kömegi arkaly harby gullukçylar bilen baglara ideg etmegiň aýratynlyklary, olaryň suwarylyşy we miweli baglary sapmak usullary bilen baglanyşykly okuw sapaklarynyň geçirilýändigi barada aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy dürli künjeklerde, boş meýdanlarda bagçylygy hem-de üzümçiligi, gök ekerançylygy ösdürmek işleriniň netijeli ýerine ýetirilmeginiň önüm bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan sagdyn daşky gurşawy döretmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdiler.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Mejlisiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmegiň, maldarçylygy hem-de guşçulygy ösdürmegiň ykdysady taýdan bähbitlidigini aýdyp, bu işleriň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýaş esgerlerde zähmete bolan söýgini terbiýelemekde-de zerurdygyny bellediler.

Bu ýerde Hojalyk müdiriýetiniň düzümlerinde ulanylýan serişdeler we harby gullukçylar üçin ýörite lybaslar goýlupdyr.

Serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary esgerleriň ýatakhanasyna baryp gördüler. Onda oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Göwnejaý enjamlaşdyrylan esger ýatakhanasynda harby gullukçylar üçin niýetlenen serişdeler bilen bir hatarda, olaryň harby we sport lybaslarynyň görnüşleri goýlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, bu lybaslaryň ýurdumyzyň häzirki zaman ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynda ekologiýa taýdan arassa çig maldan taýýarlanylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Hormatly Arkadagymyz şu gün säher bilen döwlet Baştutanymyzdan harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky tabşyrygy alanlarynda, bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen önümlerden gowşuryljak süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara geçirmek barada görkezme berlendigini aýtdy. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz azyk we gök, miwe önümlerini Döwletliler köşgüniň şu günler Gökderedäki “Altyn damja” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyşda bolýan çagalaryna gowşuryljakdygyny mälim etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlaryň owazy çäreleriň dabarasyny has-da belende göterdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa harby esgerleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly bölüminiň görkezme çykyşlaryny synladylar.

Soňra myhmanlara toplumyň çäginde harby gullukçylar tarapyndan idedilýän ahalteke bedewleri görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ady rowaýata öwrülen we dünýäde meşhurlyk gazanan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, harby düzümlerde hem işjeň ulanylýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Hojalyk müdiriýetiniň binalar toplumynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýän alabaýlar görkezildi. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan myrat tapan alabaý itleri harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluklarynda ulanylýar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän we idedilýän alabaýlar ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaý 2021-nji ýylda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýeňiji bolan alabaýy synlap, onuň özboluşly aýratynlyklary we alabaýlara ideg etmegiň, olarda dürli zerur endikleri ösdürmegiň ýollary bilen gyzyklandy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hemmelere alyp barýan gulluklarynda üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugradylar.

* * *

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy. Çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy.

Ösüp gelýän nesil, maşgala gymmatlyklarynyň hem-de ruhy taglymlaryň dowamat-dowamlylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, milli ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly terbiýelenilmegi hem-de aň-paýhas başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalar süýjülik dadymlygyny şatlyk bilen kabul edip, hormatly Prezidentimize bagtyýar çagalyk üçin hoşallyk bildirdiler.

Başga habarlar
1663d10e048d0d.jpeg
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.


1663d0d5e2e012.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy.


1663cf670453b8.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady.

1663cce2292aef.webp
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1663cbcf9c190c.webp
Aşgabat şäherinde 320 orunlyk çagalar bagy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.