«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bellige alnan kompaniýalary, guramalary we telekeçileri çärä gatnaşmaga çagyrýar
Hormatly hyzmatdaşlar!
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bellige alnan kompaniýalary, guramalary we telekeçileri aşakda bellenilen çärämize gatnaşmaga çagyrýar:
«Açyk gapylar» güni
№2 «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda çäresi
Seneler:
Aşakdaky senelerde işewürligiň aýratyn ugurlary boýunça çärä çagyrýarys
1. 21-nji sentýabr
• zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk, howpsuzlyk tehnikasy, gorag howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak.
• Tehniki ideg we tehniki kämilleşdirmek boýunça hyzmatlary berijiler.
• Çykaryş prosesini kämilleşdirmek boýunça hyzmatlary berijiler
2. 22-nji sentýabr, 2022-nji ýyl.
• logistika we ammar boýunça hyzmatlary berijiler.
• Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we umumy administratiw hyzmatlar boýunça hyzmatlary berijiler.
Wagty: 09:00 sag. — 15:00 sag.
Geçiriljek ýeri: «PÇ (T) SB»kompaniýasynyň Gyýanlydaky zawody
Çäräniň geçiriljek ýerine kompaniýaňyz barada doly maglumatlary getirmegiňizi haýyş edýäris.
Eger-de siz gyzyklanma bildirýän bolsaňyz şu elektron salga kompaniýaňyz barada maglumaty ibermek arkaly bellige alynmagyňyzy haýyş edýäris: pctsb registration@petronas.com
Sözbaşyda şuny ýazmaly ««PÇ (T) SB» kompaniýasynyň 2022-nji ýylda potratçylar üçin N2 Açyk gapylar güni». Wagty 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda 12:00-a çenli.
Giriş tölegsiz.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.