Habarlar

«Türkmennebit» DK: ýanwar-iýul aýlary boýunça üstünlikli netijeler gazanyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4140/original-16305dddfc4d92.jpeg

2022-nji ýylyň ýedi aýynyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilen guýulardan 2 mln 123 müň tonna «gara altyn» we 2 mlrd 613 kub metr «mawy ýangyç» alyndy. Şol bir wagtda bellenilen döwür üçin önümçilik meýilnamasy degişlilikde 101,1% we 115,3% ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan 20 sany guýy işlenip taýýarlanyldy we ulanyşa girizildi. Şolardan 19-sy ulanyş guýulary.

Häzirki wagtda konserniň buraw işleri müdirligi häzirki zaman kuwwatly tehnikalara we iň täze enjamlara eýelik edýär. Bu bolsa 7000 metr çuňluga çenli burawy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Döwrebap tehnologiýalary netijeli peýdalanmak arkaly Türkmenistanyň günbatar sebitiniň baý känlerinde şu ýylyň geçen ýedi aýynda bäş sany ulanyş guýusynda buraw işleri üstünlikli tamamlanyp, ulanyşa girizildi.

«Ekerem» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri hem ýokary netijeleri gazandylar.

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň Uzynada, Keýmir, Ekerem, Altyguýy, Demirgazyk Goturdepe känlerinde burawlanan guýular ýokary öndürijiligi bilen tapawutlandylar.

«Uzynada» käninde taslama çuňlugy 6750 mtr bolan №77 guýusyny işläp taýýarlamak işleri üstünlikli tamamlandy. Ol ýerden tebigy gazyň we nebit konsensatynyň senagat akymy alyndy. Täze guýy «Gumdagnebit» nebit we gaz çykaryş müdirliginiň nebitçileri tarapyndan ulanyşa berildi. Häzirki wagtda onuň gündelik debiti 91 tonna 1gara altyna» we 75 müň kub metr «mawy ýangyja» deňdir.

Ýylyň başyndan bäri nebitgaz çykaryş müdirliklerine berlen «Keýmir», «Gamyşlyjanebit», «Goturdepenebit» we ulanyşa girizilen №80, №94, №140 we №350 ulanyş guýulary uglewodorod çig malynyň uly möçberini berýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.