Habarlar

BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistan energetika ulgamynda başlangyçlar bilen çykyş eder

https://ussatnews.com/storage/posts/4142/original-16305e0bbcd649.jpeg

Birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda öz işine başlajak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde Türkmenistan birnäçe başlagyçlary, şol sanda energetika ulgmamynda başlangyçlary öňe sürer. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary neşir edildi.

«Türkmenistan ykdysady we durmuş taýdan ösüş üçin ählumumy wehimleri döredýän, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde barha artýan çökgünlilik ýagdaýlary, iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň gatnaşyklaryndaky durnuksyzlygy nazara alyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008 we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygy we durnuklylygy baradaky kabul eden kararnamalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirmäge gaýdyp gelmegi maksat edinýär» - diýlip DIM-niň habarynda aýdylýar.

«Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr iberilmegini düzgünleşdirmek boýunça häzirki zaman halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň açyk düzümli Halkara bilermenler toparyny döretmek baradaky ozal hödürlän teklibini durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdiriler. Geljek mejlisiň dowamynda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ylalaşyklary ýerine ýetirmäge gönükdirilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirer.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça ählumumy strategiýany işläp taýýarlamak baradaky, hususan-da, wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürer. Şu maksatlar bilen, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýada geçjek Wodorod energetikasy boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistan bu teklipler boýunça geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.