Habarlar

Aşgabatda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileriň altysynyň atlary yglan edildi

https://ussatnews.com/storage/posts/4157/original-1630b805ac44f8.jpeg

27-nji awgustda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa gowusyndan gowusy saýlanan ýaş aýdymçylaryň 12-si – 8 oglan we 4 gyz gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlary, ata Watanymyza, täze taryhy eýýamyň beýik işlerine, mähriban topragymyzyň gözelligine we söýgä bagyşlanan häzirki zaman aýdym-saz eserleri tüýs ýürekden hem-de täsirli ýaňlandy. Käbir ýerine ýetirijiler nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny saýlapdyrlar. Çykyşlaryň maksatnamasyna geçen ýyllaryň meşhur eserleri hem girizildi. Şolarda häzirki zaman äheňleri we gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşdy.

Jemleýji döredijilik bäsleşiginiň tolgundyryjy bölegi onuň netijeleriniň jemlenilmegidir hem-de ýeňijileriň yglan edilmegidir. Dabaranyň dowamynda bellenilişi ýaly, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hormatly Prezidentimiziň üns bermegi we goldamagy netijesinde, ýaş nesilleriň döredijilik taýdan zehinli wekilleriniň köpsanlysyny ýyl geçdigiçe barha köp öz hataryna çekýär. Olar aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzy hem-de onuň ägirt uly gazananlaryny ussatlarça we joşgunly wasp edýärler.

Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmagynda ýeňijileriň altysynyň atlary yglan edilip, olar ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglanyldylar. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.