Habarlar

Ýurdumyzda “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasy ýene-de bir täze dermanhanany açdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4181/original-16310637285213.jpeg

31-nji awgustda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Umumy meýdany 500 inedördül metre deň bolan bu dermanhanada Türkmenistanda we Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri elýeterli bahadan hödürlenilýär.

Gije-gündiz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerdir. Munuň özi müşderilere diňe bir zerur derman serişdelerini satyn almaga däl, eýsem, ýokary derejeli maslahatlary hem almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de bu ýerde sorag-jogap gullugynyň işi guralypdyr.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeleriň milli derman senagatynyň ösdürilmegine güýçli itergi berýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde onuň öndürýän önümleriniň hatarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli derman serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi bar. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar hem açyldy.

Täze dermanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny maksat edinýän syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.