OPEC+ 2022-nji ýylda bazarda nebitiň artykmaçlyk çaklamasyny aşaklatdy — HBS
OPEC+ tehniki monitoring komiteti şu ýylyň netijeleri boýunça bazarda teklibiň artykmaçlyk çaklamasyny öňki 900 müňden günde 400 müň barrele çenli aşaklatdy diýip, Reýter agentligi guramadaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
«Nebit bazaryna 2022-nji ýylda günde 0,4 mln barrel möçberde kän bolmadyk artykmaçlyk garaşýar, bu gurama girýän döwletler tarapyndan önümçiligiň dolmazlygy zerarly öňki çaklamadan has azdyr» - diýip, habarda aýdylýar.
Öň çarşenbe güni agentlik tehniki komitetiň maglumatlaryna salgylanyp, ýylyň jemleri boýunça bazarda teklibiň artykmaçylygynyň geçenki çaklamadaky ýaly 100 müň däl-de günde 900 müň barrel boljakdygyny habar berdi.
OPEC+ 2020-nji ýylyň maýynda kowide garşy ählitaraplaýyn göreş bilen bagly nebit önümçiligini islegiň peselmegi zerarly günde 9,7 mln barrele çenli çäklendirdi. Soňra ylalaşygyň şertleri birnäçe gezek düzedildi. Netijede, awgust aýyndan gurama iki ýyl mundan öň yglan edilen çäklendirmeden çykmagyň ahyrky tapgyryna geçdi, sentýabrda bolsa önümçiligi günde 100 müň barrele çenli artdyrýar.
OPEC+ ylalaşygy ýylyň ahyryna çebli dowam edýär. Şol bir wagtda Saud Arabystanynyň energetika minsitri şazada Abdel Aziz ben Salmanyň bellemegine görä, gurama ýakynda 2022-nji ýyldan soňky döwür üçin täze nebit ylalaşygynyň üstünde işläp başlar.
OPEC+ minsitrleri nebit bazarynyň ýagdaýyny we ylalaşygyň mundan beýläkki ugurlaryny duşenbe güni, 5-nji sentýabrda maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.