Habarlar

Talyplar önümçilik tejribeliginde boldular

https://ussatnews.com/storage/posts/4198/original-16311cf686d809.jpeg

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary döwletimiziň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçdiler. Önümçilik tejribelikleriniň ýangyç-energetika ulgamynyň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda geçirilmegi olaryň nazaryýetde öwrenenlerini önümçilikde pugta özleşdirmeklerine ýardam berýär.

Bu ýokary okuw mekdebiniň nebit we gaz fakultetiniň «Nebit we gaz guýularyny burawlamak» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary dört hepdäniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş» müdirlikleriniň guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehlerinde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary welaýatynyň çägindäki burawlaýyş kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçdiler.

Kärhanalaryň önümçiligi bilen ýakyndan tanyş bolmak, köpýyllyk iş tejribeleri bolan halypa hünärmenleriň geçirýän önümçilik-tejribe okuwlaryna gatnaşmak talyp ýaşlara saýlap alan hünärini pugta ele almakda diýseň netijeli hem ähmiýetli boldy. Önümçilik tejribeligi wagtynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylarynyň «Galkynyş» gaz käniniň çägindäki gözleg hem ulanyş guýularyny burawlamakdaky alyp barýan işleri talyp ýaşlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň önüm öndürijileriniň döwrebap, kämil buraw enjamlary arkaly guýulary burawlamakda ulanylýan tehnologiýalar, işdäki täze usullar bilen içgin tanyş boldular. Şonuň bilen birlikde talyp ýaşlar buraw işlerine hem gatnaşdylar.

Müdirligiň hünärmenleri gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş hem-de gözleg guýularynyň häsiýetli aýratynlyklaryny talyp ýaşlara önümçilik arkaly giňişleýin düşündirdiler.

— «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň tejribeli hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda geçirilen önümçilik-tejribe okuwlary, olaryň beren gymmatly maslahatlary önümçilik tejribeliginiň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam berdi. Talyp ýaşlar önümçilik tejribeliginiň dowamynda bellenilen okuw meýilnamasyna laýyklykda, buraw işlerine gatnaşyp, burawlaýyşda ulanylýan geologiýa maglumatlaryndan özbaşdak peýdalanmagy öwrendiler, burawlamak gulluklaryny dolandyrmaklygy özbaşdak kesgitlemegi özleşdirdiler. Olar guýulary burawlamakdaky geologiýa şertleri bilen hem içgin tanyş boldular. Talyplarymyz guýulary burawlamakda ulanylýan erginleriň taýýarlanylyş usullaryny, düzgünlerini hem pugta öwrendiler.

Bir söz bilen aýdylanda, geçirilen önümçilik tejribeligi talyp ýaşlarymyzyň nazaryýetde öwrenenlerini önümçilikde özleşdirmeklerine şert döretdi — diýip, uniwersitetiň nebit we gaz fakultetiniň «Nebit we gaz guýularyny burawlamak» kafedrasynyň mugallymy Ýakupgeldi Amaniýazow gürrüň berýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.