Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada güýzlük bugdaý ekişine halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular badalga berdiler.
Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler.
Edermen daýhanlar geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Juwan”, “Ýolöten-1”, “Miras”, “Berkarar”, “Garaşsyzlyk”, “Bitarap” görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy.
Bu möhüm oba hojalyk möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” ýaly kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli ýurdumuzyň ähli welaýatlaryň daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.
Şeýle-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de täze, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň sergisi guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary konsert maksatnamasyny taýýarladylar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.