“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
3-nji sentýabrda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz” ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti geçirildi.
Jemleýji tapgyra gatnaşyjylar ozaldan gelýän asylly däbe eýerip, Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşige gatnaşyjylaryna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda “Siziň kalbymyzyň aýdymy, dilimiziň senasy bolan eziz Watanymyz - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp wasp etjekdigiňize, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýjak täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize berk ynanýaryn” diýlip bellenilýär.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijiligi toparlary gatnaşdylar. Olar geljekde milli sungatymyzyň şan-şöhradyny belende götererler.
Çykyşlaryň jemleri boýunça tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ýyldyz Şatlykowna Amannepesowa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Meret Amangeldiýewiç Hydyrow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Döwletgeldi Gurbanowiç Orazdurdyýew, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 77-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Kemal Pirjanowiç Durdymädow, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Omar Şöhradowiç Bazarow, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Çynar Wepaýewna Wepaýewa.
Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomlary gowşuryldy. Döredijilik gözdengeçirilişine gatnaşyjylaryň her birine gymmat bahaly sowgatlar hem gowşuryldy, olar ýaş zehinleri täze döredijilik üstünliklerine, geljekde hem döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.