Habarlar

HHR-iň Hökümetiniň ýörite wekili bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4233/original-16319c6d332858.jpeg

Ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý bilen geçirilen duşuşykda energetika, ulag, logistika we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Öňküsi gün, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi we berkidilmegi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrundaky tagallalaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Hyzmatdaşlyk iki ýurduň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýär we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa+Hytaý” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ilerledilýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän köpugurly döwletara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler we türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň oňyn geljeginiň bardygyna ynam bildirdiler.

Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetine uly işler ynanyldy.

Ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamy, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklar, netijeliligi hem-de bar bolan mümkinçilikleri nazara alnyp, möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we onuň orunbasary W.Hajiýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.