Mary şäheriniň gaz üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz
Gyş pasly ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna döwletimiz tarapyndan berilýän eşretleriň biri bolan tebigy gazyň ýylyň beýleki pasyllaryna garanyňda köp sarp edilýän döwri hasaplanylýar. Şoňa görä, «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher, etrap gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary jogapkärli möwsümde gaz üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin häzirki günlerden öz işlerini takyk hem-de sazlaşykly guraýarlar. «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň işlerem şonuň bir mysalydyr.
Mary welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Mary şäherindäki gaz geçirijilerini, gaz hojalyk enjamlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak boýunça düzülen meýilnamada ýerine ýetirilmeli işler ýekän-ýekän kesgitlenilipdir. Häzirki günlerde şol işleriň her biriniň bellenilen möhletinde ýokary hilli ýerine ýetirilmegine edaranyň hyzmat ediş gulluklarynyň hünärmenleridir işçileri işjeň gatnaşýarlar.
Gaz hojalyk edarasynyň gazçylary häzir umumy uzynlygy dört ýüz ýigrimi bäş kilometr bolan ýokary, orta hem pes basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler. Edara degişli ýerasty gaz geçirijileriniň ulanyş möhletlerini uzaltmak boýunça öňüni alyş çärelerini wagtly-wagtynda geçirmek gazçylaryň möwsüme taýýarlyk görmekdäki işleriniň bir bölegini düzýär. Bu ýerde katod stansiýalarynyň ýigrimi üçüsi bolup, şolaryň kömegi bilen ýerasty gaz geçirijilerini poslamakdan, çüýremekden goramak boýunça iş çäreleri geçirilýär. Munuň özi oňat netijelerinem berýär.
«Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynda häzir gaz paýlaýjy enjamlaryň on alty, gaz sazlaýjy enjamlaryň bolsa iki ýüz togsan ýedi sanysy bolup, şolarda hünärmenlerdir işçiler tarapyndan tehniki taýdan hyzmat etmek, olary sazlamak, ýaglamak, arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.
Şäheriň çäklerinde täze ilatly ýerleriň döremegi bilen olary gazlaşdyrmak wezipesi ýüze çykýar. Şoňa görä, milli maksatnama laýyklykda, welaýat merkeziniň Muhadow ýaşaýyş jaý toplumynda uzynlygy iki ýüz kyrk metr, Gökje ýaşaýyş jaý toplumynda uzynlygy bir ýüz otuz metr bolan orta basyşly gaz geçirijiler we gaz sazlaýjylar gurlup, ulanylmaga berlipdir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gaz hojalyk edarasy şäher boýunça otuz sekiz müň dört ýüz togsan dokuz hojalyga, şeýle hem döwlete dahylly we dahylsyz edara-kärhanalaryň iki ýüz segsen ýedi sanysyna hyzmat edýär. Şäheriň ýaşaýjylarynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak üçin edaranyň işgärleri tarapyndan gaz geçirijileriň durkuny täzeleýiş işleri hem geçirilýär. Şäheriň çäklerinde umumy uzynlygy ýedi ýüz altmyş metr bolan gaz geçirijileriň durky täzelenilip, ozalky göwrümi kiçi diametrli turbalara derek göwrümi uly diametrli turbalar goýlupdyr.
Geçirilen şu durkuny täzeleýiş işleriniň netijesinde ýaşaýjylaryň öýleri gyş döwründe «mawy ýangyç» bilen ygtybarly üpjün ediler.
Döwletimizde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Şoňa görä, Mary şäherem gün-günden ösüp-özgerip, täze ilatly ýerler emele gelýär. Şäheriň Muhadow ýaşaýyş jaý toplumynda täze ilatly ýerler döräpdir. Indi edaranyň gazçylarynyň öňünde şol ilatly ýerlerde milli Maksatnama laýyklykda, uzynlygy bäş ýüz elli metr bolan orta basyşly gaz geçirijini gurmak, Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumynda bolsa uzynlygy sekiz ýüz metr bolan gaz geçirijide durkuny täzelemek işlerini geçirmek wezipeleri durýar. Edaranyň tejribeli hünärmenleriniň, kärine ussat işçileriniň döredijilikli işlerini synlanyňda, olaryň şu hem-de öňde duran beýleki wezipeleri bellenilen möhletinde ýokary hilli ýerine ýetirjekdiklerine ynam döreýär.
Edaranyň gazçylary döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek maksady bilen özlerine berilýän kömek-goldawlary her ädimde duýup işleýärler. Dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilýän ýokary tehnologiýaly mehanizmleriň alnyp berilmegi bilen edaranyň tehniki binýady pugtalanýar. Kärhana elektrik bilen kebşirleýji enjamy, ýonujy hem tokar stanoklary bilen enjamlaşdyrylan «KAMAZ-43-118» kysymly göçme bejeriş-abatlaýyş ulagynyň berilmegi bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň möçberiniň, depgininiň artmagyna ýardam beripdir.
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şäheriň ýaşaýjylaryny ýylyň bütin dowamynda tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Kärhanamyzyň agzybir zähmet toparynyň agzalarynyň her biri bu işe şahsy goşandyny goşmagy öz borjy hasaplap, tutanýerli zähmet çekýär. Önümçilikde köpýyllyk iş tejribeleri bolan hünärmenlerimizdir işçilerimiz aýratyn zähmet göreldesini görkezýärler.
Olardan edaranyň tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmeni Kerim Jumaýew, daşary gaz geçirijiler gullugynyň gaz geçirijilere hyzmat etmek we bejermek boýunça slesarlary Jeýhun Nurgeldiýew, Bazardurdy Esenow, Ýagmyr Durdyýew, içeri öý gullugynyň gaz enjamlaryny ulanmak we abatlamak boýunça slesarlary Begenç Artykow, Guwanç Baýramow, Hudaýnazar Nazarow, heläkçiligiň öňüni alyş gullugynyň slesarlary Isgender Kurýadow, Şageldi Berdimyradow dagy ýaşlaryň halypalarydyr — diýip, «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Şamyrat Rejebow gürrüň berýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.