Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümi başlandy
Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň we hormatly ýaşulular tarapyndan ak pata bermegi bilen, pagta ýygymy möwsümi başlandy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 14-nji sentýabrda girişiler.
Şol gün Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyndan” doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.
Tutuş ýurdumyz boýunça pagta ýygymy möwsüminde 1600 kombaýn, ýetişdirilen hasyly daşamak üçin dürli ulaglaryň 7800-si ulanylar. Möwsüme pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň 158-si taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.
Harmanhanalaryň hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň ýanynda hereket edýän barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň düýpli barlagyny geçirerler.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.