Habarlar

Kerki etrabyň ilatly ýerleri we senagat kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4247/original-1631dae9f2cb5a.jpeg

Hormatly Prezidentimiz halkyň bähbidini hemme zatdan ileri tutýar, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde düýpli özgerişler bolup geçýär. Muňa Kerki etrabynyň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda diňe ilatly ýerleri gazlaşdyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler-de haýran galdyryjydyr. Şolaryň netijesinde iri etrabyň ilatyna «mawy ýangyç» elýeterli boldy.

Garaşsyzlyk ýyllaryndan ozal etrabyň ilatynda tebigy gazdan peýdalanmak mümkinçiligi bolmandy. Häzirki wagtda etrapda gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 842 kilometrden hem aşýar. Şeýle-de etrapda gaz paýlaýjylaryňdyr gaz sazlaýjylaryň umumy sany 480-e golaýlaýar. Bu kuwwatlyklaryň hasabyna etrabyň ilatly ýerleri, senagat kärhanalary we medeni-durmuş maksatly binalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Şeýle oňyn ýagdaýy gazanmak üçin bolsa gaz üpjünçilik ulgamynyň saz işlemegini gündelik gözegçilikde saklamak, şeýle-de geljege gönükdirilen işleri maksatlaýyn alyp barmak talap edilýär. Bu diýýänlerimize etrabyň çäginde umumy uzynlygy 25 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijiniň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler aýdyň mysallaryň biridir. Şu döwre çenli bu möhüm iş 9,5 kilometre golaý aralykda ýerine ýetirildi. Şonda öňki turbalar geçirijiligi has ýokary bolan turbalar bilen çalşyryldy. Bu işleri galan çäkde hem doly berjaý etmek maksat edinilýär. Şeýle tagallalar hususy hojalyklaryň tebigy gaz bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga ýardam berýär.

Etrabyň Çekir geňeşliginde golaýda ýene bir gaz sazlaýjy enjamy oturdyldy hem habar berdi. Bu çäre ilatyň «mawy ýangyç» bilen kadaly üpjün edilmegini gazanmaga gönükdirilendir. Sebäbi obalarda ilatyň sany ýyl-ýyldan artýar, täze ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Şeýle guwandyryjy ýagdaýa etrabyň Astanababa şäherçesiniň mysalynda magat göz ýetirip bolýar. Bu ýerde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna tebigy gaz eltmek maksady bilen ýakyn wagtlarda uzynlygy 3700 metre barabar bolan gaz geçirijisiniň gurluşyk işine girişiler. Şeýle tagallalar ýakyn döwür içinde bagtyýar maşgalalaryň ýene-de onlarçasynyň ojaklarynda tebigy gazyň alawlap başlajakdygyndan habar berýär.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.