Habarlar

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

https://ussatnews.com/storage/posts/4252/original-1631f4bdaf2d7d.jpeg

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, nebitden ýol bitumyny satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Azerbaýjanyň telekeçileri boýalan tüýjümek önümleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 781 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 42 million 482 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 205 müň manatlykdan gowrak Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, gurluşyk serişdelerini, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Başga habarlar
16a06c2eb20931.jpeg
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

169f84824718f5.jpeg
Ýaryşlar ussatlary saýlady

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.


169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.