Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň sekiz aýynda işleriniň netijeleri jemlenildi
Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň geçirdi, onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Şeýle-de nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan bu meýilnama 100,7 göterim berjaý edildi.
Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,3 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 111 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama bolsa 124,3 göterim amal edildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine gönükdirilen maýa goýum serişdelerini talabalaýyk özleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 26-27-nji oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahaty geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere öňde boljak forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.