Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karl III-ä tagta geçmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi

https://ussatnews.com/storage/posts/4262/original-16320541c30104.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, Onuň Alyjenaby Karl III-ä tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň Birleşen Patyşalyk bilen syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III-ä berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.