Aşgabatda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
13-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän “Çalsana, bagşy!” döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda esaslandyrylan bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilýärler.
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 12-si hem-de şonça sazanda gatnaşdy. Şolaryň hatarynda gyzlaryň 4-siniň bardygyny bellemek gerek.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren “Arkadagly Serdar bilen” atly täze aýdymy bu ýerde guralan baýramçylyk çykyşlarynyň jemlemesine öwrüldi. Bu aýdym “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna bagyşlandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we milli medeniýetimiziň kämilleşmeginiň bähbidine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň senasydyr.
Çykyş edenler ýurdumyzda “Çalsana, bagşy!” atly täze bäsleşigiň yglan edilmeginiň we onuň dünýäde dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmäge, halypaçylyk däplerini berkitmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiziň üns we goldaw bermegi netijesinde geçirilýän bu bäsleşige döredijilik taýdan zehinli ýaş nesilleriň köp sanlysynyň gatnaşandygyny bellemeli. Olar özleriniň aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesini uly ruhubelentlik bilen wasp etdiler.
Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi:
“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň “Galkynyş” folklor toparynyň 1-nji derejeli artisti Owazgeldi Pälwanow;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Dowletowiç Aşirow;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 1-nji derejeli artist-wokalisti Öwezgeldi Orazgeldiýewiç Amanow;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Annageldiýewiç Daňatarow;
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hojaguly Öwezgylyjowiç Hojagulyýew;
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Amangeldi Döwletgeldi ogly Durdyýew;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Täzegül Jumanýaz gyzy Atajanowa;
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumaýewiç Jumageldiýew;
Lebap welaýatynyň Halaç etrap medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi Haýytmyrat Jumageldiýewiç Illiýew;
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurban Çaryýewiç Çaryýew;
Mary welaýat medeniýet müdirliginiň Oguzhan etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Omor Garmämmedowiç Şiriýew;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ogulnabat Annamämmedowna Berdiýewa.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran “Çalsana, bagşy!” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň her birine ýörite diplom, ýadygärlik sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlara goldaw bermek, milli medeniýetimizi ösdürmek meselelerini ugur edinýän döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çuňňur hoşallyk sözleri beýan edilýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.