Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hünärmenleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça taslamany maslahatlaşdylar
2-13-nji sentýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň wekiliýetine Hazar institutynyň müdiri, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, azerbaýjan wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili H.Halafow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Taraplar Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.