Habarlar

Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda bardy

https://ussatnews.com/storage/posts/4283/original-16322c9bbc8b9c.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy.

Döwlet Baştutanymyzy Samarkant halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmegine meýilleşdirildi.

ŞHG-niň sammitiniň barşynda guramanyň giňişliginde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

ŞHG 2001-nji ýylda döredilen halkara guramadyr. Oňa Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan gatnaşýar. Synçy ýurtlar – Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, hyzmatdaş ýurtlar – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka.

Başga habarlar
16a06c2eb20931.jpeg
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

169f84824718f5.jpeg
Ýaryşlar ussatlary saýlady

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.


169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.