Serdar Berdimuhamedow we ŞHG-niň Baş sekretary energetika, ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň täze başlangyçlaryny maslahatlaşdy
Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşykda energetika we ulag ulgamlarynda anyk başlangyçlaryny öňe sürdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energetika ulgamynda uly tejribe toplady hem-de şol tejribesini paýlaşmaga, ŞHG-ä agza döwletler bilen anyk energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işlere gatnaşmaga taýýardyr.
Döwlet Baştutany şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagynyň energetikada Türkmenistanyň ŞHG-ä agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyna ynam bildirip, biziň ýurdumyz bilen ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň arasynda energetika meseleleri boýunça “ad hoc” (anyk maksada gönükdirilen) iş toparyny döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda sazlaşykly we netijeli işleri üpjün etmek üçin wagtlaýyn Utgaşdyryjy geňeşi döretmek hakynda teklibini hem beýan etdi.
Döwlet Baştutany çäklerinde her ýyl işewür duşuşyklar, sergiler, ykdysady taslamalaryň tanyşdyrylyşy geçiriljek Türkmenistan — ŞHG işewürlik geňeşini döretmegi teklip edip, ýurdumyzyň bilelikdäki netijeli işlere taýýardygyny tassyklady.
Baş sekretar Çžan Min Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň bu halkara düzümiň agza döwletleri bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak meselelerine öňdengörüjilikli, jogapkärli çemeleşýändigine ýokary baha berýär diýip, geljekde-de ýurdumyz bilen gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýändigi baradaky pikirini beýan etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.