Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýurtlary bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ugrunda çykyş etdi

https://ussatnews.com/storage/posts/4298/original-16326fd2f6b90c.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-16-njy sentýabrda iş sapary bilen Samarkandda (Özbegistan Respublikasy) bolup, hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza-döwletleriniň baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň öňýanynda, 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Baştutany Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda taraplaryň eýe bolan mümkinçiliklerini nazara almak bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi we ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlykda, syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň köptaraply, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardyr. Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar aýratyn jogapkärçiligi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän döwletleriň jebisligini, ählumumy we sebit howpsuzlygyny saklamak, gapma-garşylyklara we ýaramaz bäsdeşlige ýol bermezlik boýunça umumy strategiýany ýola goýmaklaryny talap edýär.

Döwlet Baştutanymyz ŞHG bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň, yzygiderli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitlemek bilen, energetika ulgamyny aýratyn görkezdi. Hususan-da, milli Liderimiz Guramanyň agza-ýurtlarynyň hajatlaryny üpjün etmek, şeýle hem geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen energiýa serişdelerini ugratmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge girişmegi teklip etdi. “Bu ulgamda köp ýyllaryň dowamynda özara gatnaşyklaryň halkara baý tejribesini toplan ýurdumyz, energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberini artdyrmak üçin zerur bolan serişdeler kuwwatyna eýedir” diýip, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň nebitgaz pudagynda işleri alyp barmagyň umumy kabul edilen tejribesini peýdalanmak bilen öz tebigy gazyny Russiýa, Hytaýa we goňşy ýurtlara iberýändigini ýatlatdy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça işleriň depgini artýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Owganystanyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny dikeltmegiň, ahyrky netijede bolsa parahatçylygy we ylalaşygy gazanmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde şol we beýleki köptaraplaýyn taslamalara gatnaşmagyň möhümdigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlary bilen ýakyn, dostlukly, doganlyk gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň bu gatnaşyklary ösdürmäge we baýlaşdyrmaga, ŞHG bilen hyzmatdaşlyga uzakmöhletleýin, strategik häsiýeti çaýmaga taýýardygyny belledi.

ŞHG-nyň sekiz ýurdunda Ýer ýüzüniň ilatynyň ýarsynyň ýaşaýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň ŞHG-nyň Sammitlerine ýokary derejede hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň örän uludygyna, şeýle hem netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.