Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda täze kitaby çap edildi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabyny Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edildi.
Bu neşire Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi.
Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.
Neşirde bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň ösdürilmegini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljerme hem-de maglumat-teswirnamalar milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärler bilen üpjünçiliginiň maksatlaryny aýdyň görkezýär.
Neşirde ýurdumyzyň umumy elektroenergetika düzüminde welaýatlaryň ösüşiniň möhümdigi bellenilýär, pudagyň okgunly ösüşine hem-de düzümleýin özgertmelerine häsiýetnama berilýär.
Täze kitabyň dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depginleri, elektrik stansiýalarynda alnyp barylýan işler hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin düşünje almaga ýardam berýär. Neşir giň okyjylar köpçüligi — alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.