Habarlar

Daşoguz welaýatynyň gazçylary güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegi dowam edýärler

https://ussatnews.com/storage/posts/4325/original-1632ef4ea9ba5c.jpeg

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk jemgyýetiniň gazçylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Şu ýylyň 8 aýynda kärhananyň işgärleri uzynlygy 550 km töweregi bolan dürli basyşly bitewi gaz ulgamynyň durnukly işini üpjün etmegiň hötdesinden geldiler. Şeýle hem 445 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň sazlaşykly işi ýol goýuldy.

Häzirki wagtda welaýatyň çäginde ýetip gelýän gyş möwsümi mynasybetli dürli basyşly gaz torlaryny we enjamlary taýýarlamak işleri doly derejede dowam edýär. Ýylyň başyndan bäri Daşoguz şäheriniň ýaşaýyş toplumlarynda hereket edýän gaz torlaryny arassalamak we düýpli abatlamak boýunça çäreleriň ençemesi ýerine ýetirildi. Bu bolsa gaz geçirijileriniň geçirijilik kuwwatynyň düýpli artmagyna ýardam etdi.

Şeýle hem ýylyň başyndan bäri «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri bilen bilelikde gaz desgalarynyň zerur bölen böleklerini dikeltmek we düýpli abatlamak boýunça giň gerimli işler ýerine ýetirildi, şeýle hem Gülistan şäherçesinde täze desgalary gaz bilen üpjün etmek işleri geçirildi.

Bu hili çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi gyş möwsümine ýokary hilli taýýarlyk görmäge we gaz torlarynyň durnukly işini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.