26 milletiniň wekilleri bolup durýan 1 müň 530 adam Türkmenistanyň raýaty boldy
Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.
Ministrler Kabinetiniň 23-nji sentýabrda bolan mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 26 milletiniň wekilleri bolup durýan 1 müň 530 adam Türkmenistanyň raýaty boldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 315 adama, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlaryna we 23 milletiň wekillerine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz bu resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň ynsanperwer we durmuş ulgamyny nazarlaýan hem-de adamlaryň abadançylygyny, bagtyýar, durmuşyny, hukuklarynyň, azatlyklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün edýän syýasaty yzygiderli amala aşyrýandygyny nygtady. “Häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda oňyn orun eýeleýän ýurdumyz netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň şol sanda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine anyk goşant goşýar” diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Pasportlary gowşurmak dabarasynyň barşynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.