Habarlar

Mary we Lebap welaýatlarynda «KamAZ» hyzmat ediş merkezleri açyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4337/original-1633137a0a81d3.jpeg

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Mary we Lebap welaýatlarynda her günde 10 ulaga çenli hyzmat etmegi göz öňünde tutulan «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi.

Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Bu toplumlaryň köp bölegi ätiýaçlyk şaýlarynyň ammaryna niýetlenendir. Ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi şaýlary gysga wagtda çalyşmaga mümkinçilik berer.

Döwlet düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalary «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasy bilen “KamAZ” kysymly awtoulaglary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almaga şertnamalary baglaşyp bilýärler.

Hyzmatdaşlyk döwri içinde Türkmenistana şu kysymly dürli ýük ulaglarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inženerleri olaryň nusgalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýük awtoulaglary ýurdumyzyň howa şertlerinde ygtybarly hyzmat edýärler.

«KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berildi. «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça merkezleri Mary welaýatynda “Askan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatynda bolsa “Awtotrans” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Dabaraly çärelere gatnaşyjylar welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek, Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.