Prezident: Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli 278,9 mlrd manat özleşdirmek meýilleşdirilýär
2028-nji ýyla çenli Türkmenistanda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belledi. Bu çäreler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutuldy.
2022 — 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdelerini durmuş-ykdysady ösüş strategiýamyzy durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdireris. Býujetiň agramly bölegini, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ederis diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys – diýip, döwlet Baştutany belledi.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys – diýip, Prezident belledi.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileri maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen işleri dowam etdireris, hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň gurallary tapgyrlaýyn kämilleşdiriler. Bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologik taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty maliýeleşdirmäge hem aýratyn üns bereris. Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdüreris.
— Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygyna goşulmagy üçin zerur işler alnyp barylmalydyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek babatda täze mümkinçilikleri açýar – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde geçirilen Döwlet Maslahatyna ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň köp sanly işgärleri, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, ýaşlar gatnaşdy.
Umumymilli forumyň gün tertibine geçen döwürde ýetilen sepgitleriň jemini jemlemek, şeýle hem Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.