Habarlar

«Garaşsyzlyk ýyllarynda gaz senagatynyň ylmy ösüşi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/4347/original-16332b76c47b2a.jpeg

«Garaşsyzlyk ýyllarynda gaz senagatynyň ylmy ösüşi» at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda institutyň mejlisler zalynda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşlere beslenip, jümle-jahana ýaň salýar. Bagtymyzyň gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy bellenilýän ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan nebitgaz pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasynda» Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz gülläp ösüşiň nurana ýoly bilen öňe barýar. Türkmenistan dünýä döwletleri we halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açyk bolup, milli Garaşsyzlygymyzdan gelip çykýan dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik, bir-birege ynanyşmak we goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly daşary syýasatyny alyp barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilip, onuň işi ösen tehnologiýalar zamanynyň talaplaryna kybap getirildi. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagy dünýäniň ykdysady ösüşinde özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. Bular dogrusynda maslahatda giňişleýin bellenilip geçildi.

Şeýle-de institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjowyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Begençberdi Ahmedowyň, institutyň ylmy işgärleri, inženerler Tawus Saryýewanyň, Aganazar Samakowyň, Çynar Geldiýewanyň, Muhammetguly Magtymgulyýewiň, Dörtguly Garajaýewiň, Döwran Döwletalyýewiň, Atajan Söýünowyň «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşindäki orny», «Garaşsyzlyk ýyllary içinde daşary syýasatynyň hyzmatdaşlyk ýoly», «Nebit we gaz senagatynyň ekologiýa taýdan arassa we tebigy baýlyklary tygşytlaýjy tehnologiýalary» atly we başga-da ähmiýetli ugurlar boýunça ylmy esasly çykyşlary diňleýjilerde täsir galdyrdy.

Maslahatda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlary — Türkmenistanyň at gazanan artistleri Şöhrat Saparow, Eneş Rejepowa, Döwran Tokgaýew, aýdymçylar Baýramhan Saparow we Aşyrmämmet Durdyýew Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyl, öňdengörüjilikli syýasatyny, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşini, bagtyýar durmuşy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Ylmy-amaly maslahatda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işlerinde tutanýerlilik bilen yhlasly zähmet çekýän hünärmenlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy geňeşiniň hem-de Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň Hormat haty we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.